Kriştianu Ronaldu 900 gol belligine ýeten ilkinji futbolçy boldy

  • 07.09.2024 21:38
  • 12k+

Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Milletler ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň Horwatiýa garşy oýnunda gol bilen tapawutlandy. 

Bu gol hem Ronaldu üçin karýerasynda 900-nji boldy, ol taryhda ilkinji bolup bu görkezijä ýetdi. Hüjümçi ispan “Realynyň” (450 gol) we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň (131) taryhynda iň gowy bombardir hasaplanylýar, şeýle-de ol Angliýanyň “Mançester Ýunaýtediniň” düzüminde 145 gol, Italiýanyň “Ýuwentusy” üçin 101, Saud Arabystanyndan “Al-Nasr” üçin 68, Portugaliýanyň “Sportingi” üçin bolsa 5 gol geçirdi.
Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) maglumatlaryna görä, Ronaldu 2022-nji ýylyň mart aýynda, resmi oýunlarda geçiren gollarynyň sany boýunça awstriýaly we çehoslowakiýaly hüjümçi Ýozef Bisandan öňe geçende iň gowy bombardir boldy. FIFA-nyň belleýşi ýaly, Bisan “takmynan, 805 goluň” awtorydyr, salnan gollaryň takyk sany näbelli bolup galýar.
Häzirki wagtda Ronaldunyň ýakyn bäsdeşi “Inter Maýami” amerikan klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messidir (838).
Ronaldu 39 ýaşynda, ol bäş gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardirdir. Futbolçy 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasrda” çykyş edýär.


düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......