YouTube-yň 850 million ulanyjysy Parižde geçirilen Olimpiada tomaşa etmek üçin 76 000 ýyl sarp etdi

  • 06.09.2024 12:18
  • 9k+

YouTube Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary barada täsirli statistika paýlaşdy.

PhoneArena.com-yň habaryna görä, Olimpiada wagtynda wideo hyzmatyny ulanyjylar Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin 40 milliard minutdan ýa-da 650 million sagatdan gowrak wagt sarp edipdirler. Bu bolsa, 76 000 ýyl üznüksiz tomaşa etmegiň wagtyna deňdir.
Tomaşalaryň umumy sany 12 milliarddan geçdi. Aýratyn tomaşaçylaryň sany bolsa 850 milliondan gowrak boldy.
YouTube-yň resmi Olimpiada kanaly, 1,1 milliondan gowrak sport ýaryşlaryna uly gyzyklanma bildirýän täze abunaçy toplady. Şeýle-de bolsa, bu hyzmat münlerçe sagatlyk mazmuny sportuň 32 dürli görnüşinde ýaýlyma bermek üçin NBCUniversal, Eurosport, Claro Sports we CazeTV ýaly ýaýlym hyzmatdaşlary bilen işleşdi.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...