“Altyn topa” dalaşgärleriň sanawy yglan edildi: 21 ýylda ilkinji gezek Messi we Ronaldu ýok

  • 05.09.2024 12:56
  • 17k+

Abraýly “France Football” žurnaly ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. 30 oýunçydan ybarat sanawda 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Lionel Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň atlary ýok diýip, RBK habar berýär.

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Messi “Altyn topy” rekord sekiz gezek aldy (2009, 2010, 2011, 2012, 2015, 2019, 2021, 2023). Ol 2006 – 2021-nji ýyllarda, şeýle-de 2023-nji ýylda dalaşgärleriň hataryna goşuldy.
Saud “Al-Nasrynyň” portugaliýaly hüjümçisi Ronaldu yzygider ikinji gezek dalaşgärleriň sanawynda görkezilmedi. Ol bu baýraga 2004 – 2022-nji ýyllarda dalaş etdi we “Altyn topy” bäş gezek utup (2008, 2013, 2014, 2016 we 2017), bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeledi.
“Altyn top” “France Football” neşiri tarapyndan 1956-njy ýyldan bäri berilýär. 68-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižiň “Şatle” teatrynda geçiriler.
Dabarada 2023/24 möwsümi üçin şu baýraklar hem gowşurylar: zenanlaryň arasynda “Altyn top”, Kopa baýragy (21 ýaşa çenli iň gowy oýunçy), Ýaşin baýragy (iň gowy derwezeban), Gerd Mýuller baýragy (geçen möwsümiň iň gowy bombardiri), “Erkekleriň arasynda ýylyň kluby”, “Zenanlaryň arasynda ýylyň kluby”.
Şeýle-de, ýene iki baýrak goşular – “Erkekleriň arasynda ýylyň tälimçisi” we “Zenanlaryň arasynda ýylyň tälimçisi” – bu baýraklar bilen meýdançada gazanylan üstünliklere ýokary goşant goşan tälimçiler sylaglanar.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......