Türkmen futzalçylary Dubaýda Fransiýa we Saud Arabystany bilen duşuşyk geçirer

  • 05.09.2024 09:53
  • 8.1k+

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 3 ― 13-nji sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Baş tälimçi Ýakup Öwezow bu ýygnanyşyk üçin futzalçylaryň 18-sini milli ýygynda çagyrdy. Olaryň üçüsi derwezeban, galanlary bolsa meýdandaky oýunçylary diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.
Dubaý şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer. Türkmen ýygyndysynyň 5-nji sentýabrdaky garşydaşy Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bolan Saud Arabystanynyň ýygyndysydyr. Şol günlerde dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde bu şäherde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barjak Fransiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ýakup Öwezowyň şägirtleri bilen 7-nji sentýabrda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. 9-njy sentýabrda bolsa türkmen ýygyndysynyň ýerli futzal toparlarynyň biri bilen duşuşmagyna garaşylýar.


şu gün 17:52
470

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

şu gün 15:58
3.2k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......