Taýwanlylar owadan görünmegiň hatyrasyna müňýyllyklaryň dowamynda sagdyn dişlerini sogurdyp gelipdirler

  • 04.09.2024 13:56
  • 14k+

Müňýyllyklaryň dowamynda Taýwanyň gadymy ýaşaýjylary has owadan hem mert görünmek üçin sagdyn dişlerini meýletin gopardypdyrlar diýip, Archaeological Research in Asia  žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Live Science ýazýar.

Takmynan, 4800 ýyl ozal, neolit eýýamynda peýda bolan bu däp XX asyryň başyna çenli dowam edipdir. Arheologiki tapyndylarda alyn dişleriň we gyýaklaryň ýokdugy göze ilýär, bu alymlaryň pikirine görä, özüňi owadan görkezmegiň usuly bolupdyr.
Dişleri aýyrmak ýüze özboluşly aýratynlyk berip, dili has göze ilgiç edipdir we ýüz keşbe ünsi çekipdir. Bu prosedura däp-dessur ähmiýetine eýe bolup, käwagt erkekleriň ýigit çykandygyny görkezmekde ulanylypdyr .
Anesteziýasyz geçirilen bu operasiýa diýseň agyryly bolupdyr: agyz boşlugy gan akmanyň we çişmäniň öňüni almak üçin kül bilen doldurylypdyr. Bu agyra çydap bilmeklik gaýduwsyzlygyň subutnamasy hasaplanypdyr.
Bu tejribe ilatyň erkekler, aýallar we hatda çagalar ýaly dürli toparlarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr we käwagt tatuirowkanyň agyrysyny azaltmak ýaly yrymlar bilen baglanyşdyrylypdyr. Meşhurlygyna garamazdan, bu däp wagtyň geçmegi bilen ýitip gitdi.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......