Luis Suares milli ýygyndyda karýerasyny tamamlaýar

  • 03.09.2024 22:50
  • 11k+

Urugwaýly futbolçy we “Inter Maýami” amerikan klubunda hüjümçi Luis Suares milli ýygyndynyň düzüminde karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

“Anna güni [6-njy sentýabr] ýurdumyň milli ýygyndysy üçin iň soňky oýnum bolar” – diýip, AFP Suaresiň sözlerini getirýär.

Suares 37 ýaşynda bolup, Urugwaýyň milli ýygyndysy üçin 137 oýna gatnaşdy, bu milli toparyň taryhynda ikinji görkezijidir (ondan köp oýun Diego Godiniň hasabynda – 161). Suares milli ýygyndy üçin 68 gol geçirip, 39 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. 2011-nji ýylda Urugwaýyň toparynyň düzüminde Amerikanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......