Kriştianu Ronaldudan UFL futbol simulýatorynyň relizi dekabr aýyna süýşürildi

  • 03.09.2024 13:15
  • 10k+

Strikerz studiýasy ilkibaşda 12-nji sentýabrda çykarylmagy meýilleşdirilen UFL futbol simulýatorynyň reliz senesiniň yza süýşürilendigini habar berdi. Indi oýun PlayStation 5 we Xbox Series konsollarynda 5-nji dekabrda çykar, ýörite wersiýanyň eýeleri bolsa 28-nji noýabrda oýnamaga başlap bilerler.

Işläp düzüjiler möhletiň yza süýşürilmeginiň sebäbi hökmünde taslamany gutarnykly işlemegiň zerurdygyny belleýärler.
Resmi ýüzlenmede Strikerz goşmaça wagtyň oýnuň hilini ýokarlandyrmaga we ulanyjylar üçin has gowy oýun tejribesini döretmäge kömek etjekdigini düşündirdi.

“Biz oýny 12-nji sentýabrda çykaryp bilsek-de, oýundan has gowy täsirleri üpjün etmek üçin köp wagt sarp etmek isledik. Biz futbol oýnunyň ideal taýýarlanyş usulynyň ýokdugyna düşünýäris, ýöne biz üçin oýnuň ýokary ülňülerimize we siziň garaşanlaryňyza laýyk gelmegi wajypdyr” – diýlip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar.

UFL – GDA ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagynda Strikerz studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýan mugt futbol simulýatory. Taslamanyň esasy maýadarlarynyň biri futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldudyr, ol bu oýnuň işlenip taýýarlanmagyna 40 mln dollar töweregi maýa goýdy. Oýun PK-da hem çykar, ýöne bu platforma üçin reliziň anyk senesi gijräk belli bolar.


düýn 07:28
7.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......