Huawei ýarym ýylda kompaniýanyň taryhynda iň uly arassa girdejini gazandy

  • 03.09.2024 11:33
  • 3k+

Huawei kompaniýasy ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan, ýokary görkezijiler bilen maliýe hasabatyny hödürleýär.

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Huawei-niň girdejisi 417,5 mlrd ýuana (58,9 mlrd dollar) ýetdi, bu geçen ýylkydan 34,3% köpdür.
Şeýle-de, kompaniýa 7,77 mlrd dollar möçberde arassa girdeji aldy, bu ýyllyk hasabynda 18,2% köp bolup, ol kompaniýanyň taryhynda degişli döwür üçin iň gowy görkezijidir.
Kompaniýanyň rekord girdejisi 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda hasaba alnypdy, şol wagt Huawei 454 mlrd ýuan gazandy.
Kompaniýa her içerki bölümçäniň görkezijileri barada maglumat bermeýär, ýöne smartfon önümçiligi boýunça işiň işjeň ösýändigine garamazdan, heniz sanksiýadan öňki görkezijilerden uzakdadygyny bellemek gerek. Iň çalt ösüşi kompaniýanyň Huawei Cloud ugry görkezýär.


27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

27.02.2026 12:03
1.5k+

Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...