Türkmen kikboksçylary Dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar

  • 02.09.2024 00:23
  • 9.8k+

23-nji awgust - 1-nji sentýabr aralygynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde kikboksing boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen türgenleri 5 sany medal gazandylar diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

Çempionata dünýäniň 70-e golaý döwletinden 3100 türgen gatnaşdy. Ýurdumyzyň adyndan kikboksing federasiýasynyň başlygy Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 17 türgen, iki tälimçi gatnaşdy.
Netijede türgenlerimiz Ymamguly Rejepow, Salamathan Baltaýew, Nepes Bäşimow degişli agram derejelerinde kick light, low kick boýunça tutluşyp, bürünç medela mynasyp boldular.
Serdar Bekenow full contact görnüşi boýunça 51 kg agramda 3 tutluşyk geçirdi. Türgenimiz kümüş medala eýe boldy.Jasurbeg Ahmedow kik laýt görnüşi boýunça 37 kg agramda çykyş etdi. 4 gezek üstünlikli tutluşan türgenimiz altyn medala eýe bolmagy başardy.
Bulardan başga-da ýedi sany türgenimiz çempionatda üstünlikli çykyp edip, ýeňijileriň ilkinji bäşligine girmegi başardylar.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....