Jeki Çan Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynda taekwondo ýaryşyna badalga berdi

  • şu gün 07:07
  • 2.2k+
Jeki Çan Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynda taekwondo ýaryşyna badalga berdi

Meşhur aktýor Jeki Çan Parižde dowam edýän 2024-nji ýylyň Paralimpiýa oýunlarynda taekwondo ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol pandaly sport eşiginde Trois coups (“Üç urgy”) simwoliki dabarasyny geçirdi.

Trois coups usuly köplenç teatrda ulanylýar, aktýorlar ýörite taýagyň urgusynyň kömegi bilen çykyş başlamazdan öň tomaşaçylaryň ünsüni çekýärler. Bu tejribe Parižde geçen 2024-nji ýylyň Olimpiadasynda ulanyldy – käbir ýaryşlar başlamazdan öň çagyrylan myhman dabaraly urgyny ýerine ýetirdi.
Belläp geçsek, Jeki Çan häzirki Paralimpiadanyň alaw estafetasyna-da gatnaşdy.
Parižde Paralimpiada 28-nji awgustda başlady. Ol 8-nji sentýabra çenli dowam eder.


29.08.2024 18:00
5.8k+

Parižde Paralimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi

Parižde XVI tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Taryhda ilkinji gezek dabara stadionda däl-de, Ylalaşyk meýdançasynda (Place de la Concorde) geçirilip...

14.08.2024 18:10
10k+

Olimpiýa baýdagy Los Anjelese geldi: 2028-nji ýylda geçiriljek Oýunlara taýýarlyk başlandy

Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy 2028-nji ýylyň Tomusky oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Los Anjelese (ABŞ) geldi. Los Anjeles şäheriniň häkimi Karen Bassy, guramaçylyk komitetiniň wekillerini we amerikan türgenlerini...

12.08.2024 12:33
14k+

Parižde Olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi: Tom Kruzyň, Billi Aýlişiň we beýlekileriň çykyşlary

Pariždäki “Stad de Frans” stadionynda Olimpiýa oýunlarynyň dabaraly ýapylyşy geçirildi.   Dabara Olimpiada-2024-üň iň köp titula eýe bolan türgeni – suwda ýüzüji Leon Marşan bilen kiçiräk wideodan başlady. Ol simwoliki...

12.08.2024 11:44
7k+

Olimpiada-2024 XXI asyrda iň arzan düşen Oýunlar boldy. ABŞ medal sanawynda birinji orny eýeledi

Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Ýaryşlaryň soňky gününde, 11-nji awgustda 13 medal toplumy paýlandy. ABŞ jemleýji gün altyn medalyň sany boýunça Hytaý bilen deňleşdi (40), ýöne amerikalylaryň...