VK Mail-i täze logotip, dizaýn we wirtual kömekçi it bilen täzeden açýar

  • 30.08.2024 18:59
  • 2.1k+

Öň Mail.ru Group ady bilen tanalýan VK kompaniýasy “Poçta”, “Bulut”, “Senenama”, “Doska” we “Bellikler” ýaly hyzmatlary öz içine alýan Mail platformasynyň täzeden açylýandygyny habar berdi. Täzelenmäniň çäginde täze dizaýn we logotip, şeýle-de,  wirtual kömekçi - Baýt atly it bilen tanyşdyryldy.

Kompaniýanyň metbugat gullugy bu üýtgeşmeleriň ýaşlary özüne çekmäge we platformanyň ösüşinde täze tapgyry görkezmäge gönükdirilendigini düşündirdi. Täze logotip .ru domen zolagyny ýitirdi we reňk palitrasynda bolsa indi täzelenen gök we açyk ýaşyl bar.
Ak it Baýt Mail-iň tumaryna öwrüler we ulanyjylara neýrosetler bilen işlemek we tekstleri gysgaltmak ýaly hyzmatlarda ugrukdyrmaga we platformanyň mümkinçiliklerini özleşdirmäge kömek eder. Mail-iň biznes bölüminiň müdiri Andreý Sumin Mail-iň poçta we bulut hyzmatlaryny, öndürijiligiň gurallaryny, söwdany guramagy we meýilnamalaşdyrmagy utgaşdyrýan ekoulgama öwrülendigini aýtdy.

Sumin: "Tehnologiki üýtgeşmeleriň yzy bilen wizual täzelenmeleriň hem wagty geldi" – diýip belledi.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......