HMD kompaniýasy Barbie Phone modelini hödürledi

  • 30.08.2024 18:50
  • 3.3k+

HMD kompaniýasy Barbie brendi bilen täze telefon çykardy, ol Barbie Phone adyny aldy. Telefon öndürijiniň saýtynda eýýäm hödürlendi, satuwa bolsa oktýabr aýynda $129 baha bilen çykarylar.

Barbie Phone döwrebap nesil smartfony däl. Onda jaňlardan we smslerden başga, hiç hili programma we ösen funksiýalar göz öňünde tutulmaýar. HMD ony ulanyjylaryň öz smartfonyndan dynç alyp bilmegi üçin sanly detoks gurluşy hökmünde görkezýär. Telefon kiçi 2,8 dýuým içki ekrana eýe boldy, onuň beýikligi bolsa 11,3 sm, ini 5,7 sm, ýogynlygy 1,9 sm barabar.
Şeýle-de, surat üçin 5 Mp kamera, bluetooth, nauşnik üçin 3,5 mm port, fonar, USB porty we Wi-Fi-a birikmek mümkinçiligi bar. Daşky görnüşi özboluşly etmek üçin Barbie Phone stilistikasyny gülgüne reňkdäki çalşylýan yzky paneller, monjukly goşar bilezigi hem-de öz-özi ýelmeşýän daşjagazlar goldaýar. Gurluşda “ýylan” oýny Barbie stilinde ýerine ýetirildi.


The Verge-iň bellemegine görä, kompaniýa bu telefony çykarmak bilen birneme gijä galdy. Özüniň açylyp-ýapylýan modellerini eýýäm köp öndüriji hödürledi. Ýöne olardan tapawutlylykda, HMD ulanyjylara tehnologiýa däl-de, şähdaçyklyk bermäge çalyşýar.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......