Counter-Strike 2 boýunça 11 sany ýaryş yglan edildi: hersiniň 1,25 million dollar baýragy bolar  

  • 30.08.2024 12:24
  • 4.9k+

Esasy kibersport ýaryşlaryny gurnaýjy hökmünde tanalýan Rumyniýanyň PGL kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy ýyllar aralygynda Counter-Strike 2 boýunça 11 sany halkara çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Her ýaryşda 16 gatnaşyjy we 1,25 million dollar baýrak gaznasy bolar.

PGL 7 sany ýaryşy özbaşdak gurnamagy meýilleşdirýär, 3 ýaryş bolsa Günorta Amerikada FiReSPORTS-yň goldawy bilen geçiriler. Ýene bir çempionat Hytaýyň Perfect World kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçiriler.
Gyzykly tarapy, PGL ýaryşlara gatnaşmak üçin açyk saýlama oýunlaryny geçirmegi meýilleşdirmeýär. Şeýle hem, kompaniýa goşmaça garaşylmadyk ýaryşlaryň bolup biljekdigini mälim etdi.

2025-2026-njy ýyllar üçin PGL CS2 ýaryşlarynyň tertibi
2025-nji ýyl:

  • Buenos-Aýres, Argentina - 13-23-nji fewral;
  • Buharest, Rumyniýa - 3-13-nji aprel;
  • Astana, Gazagystan - 8-18-nji maý;
  • Şanhaý, Hytaý - 1-13-nji oktýabr;
  • Belgrad, Serbiýa - 23-nji oktýabr - 2-nji noýabr.

2026:

  • Buenos-Aýres, Argentina - 12-22-nji fewral;
  • Buharest, Rumyniýa - 2-12-nji aprel;
  • Astana, Gazagystan - 7-17-nji maý;
  • Belgrad, Serbiýa - 6-16-njy awgust;
  • San-Paulu, Braziliýa - 1-11-nji oktýabr;
  • Barselona, ​​Ispaniýa - 22-nji oktýabr - 1-nji noýabr.
düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......