Nýu-Ýorkda kwant internetiniň prototipi dünýäde ilkinji gezek synagdan geçirildi

  • 29.08.2024 02:59
  • 6.3k+

Amerikanyň Qunnect kompaniýasy Nýu-Ýorkuň köçelerinde dünýäde ilkinji eksperimental kwant toruny işe girizip, kwant aragatnaşyk pudagynda öňegidişlik gazandy diýip, Phys.org habar berýär. Gözlegçiler 34 km optiki süýümli baglanyşykdan fotonlary geçirip, ýokary durnukly we ygtybarly aragatnaşyga ýetdiler.

Ozal şuňa meňzeş synaglar kwant aragatnaşygyny ýok edýän durnuksyzlykdan we päsgelçiliklerden ejir çekýärdiler. Şeýle-de bolsa, täze Qunnect torunda hünärmenler polýarizasiýa bilen baglanyşykly fotonlary we awtomatiki usulda polýarizasiýanyň öwezini dolmak ulgamyny ulandylar, bu bolsa 99,84% iş we 99% signal beriş netijeliligini gazanmaga mümkinçilik berdi.
Bu açyş häzirki zaman kompýuterleri üçin elýeterli bolmadyk aşa ygtybarly maglumatlary geçirmäge we çylşyrymly hasaplamalary etmäge mümkinçilik berjek kwant internetini döretmekde uly ädimdir.
Qunnect, ähli ulgam bölekleriniň täjirçilik taýdan ulanylmaga taýýardygyny we Qu-Val modulyna ýygnalandygyny nygtaýar.


23.05.2026 23:52
2.9k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

23.05.2026 11:17
6.8k+

«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady....

06.05.2026 16:23
1.7k+

Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky......

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....