Janluiji Buffon UEFA-nyň prezidentiniň baýragyna mynasyp boldy

  • 28.08.2024 14:42
  • 6.6k+

Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony derwezeban Janluiji Buffon Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) prezidentiniň baýragyna eýe boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Ol 29-njy awgustda Monakoda geljekki Çempionlar ligasy möwsüminiň bije çekişik dabarasynda sylaglanar.

“Janluiji Buffon 1990-njy ýyllaryň ortalarynda “Parmanyň” ýaş, hyjuwly derwezebany hökmünde ilkinji gezek peýda bolany bäri buýsanýan oýunçym. Onuň derwezede liderliginden başga-da, uzak karýerasy we maksada okgunlylygy bütin dünýäde futbol janköýerlerini ruhlandyrýar. Onuň dürli nesilleriň durmuşynda täsin durnuklylygy köpleri çür depede galmagyň aňsatdygyna ynandyryp biler. Onuň ýokary derejesine ýeten döwründe dünýäniň öňdebaryjy klublarynyň dalaş edendigine garamazdan, Seriýa B-e geçmegi makul hasaplamagy-da köp zady aňladýar. Şeýle-de, Buffon psihiki saglyk we depressiýa barada aç-açan aýdan ilkinji türgenleriň biridir, bu hem professional sportda bu meselä ünsi çekmäge kömek edýär” – diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin aýtdy.

Buffon 46 ýaşynda. Ol Turiniň “Ýuwentusynyň” düzüminde on gezek Italiýanyň çempionatyny utdy, 1999-njy ýylda “Parma” bilen bilelikde UEFA-nyň Kubogynyň eýesi boldy. “Pari Sen-Žermeniň” oýunçysy hökmünde Buffon Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Italiýanyň milli ýygyndysy bilen derwezeban dünýä çempionatyny utdy (2006) we Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy (2012).


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......