Türkmen karateçileri Manilada Aziýa çempionatynda üç sany bürünç medal aldylar

  • 27.08.2024 14:29
  • 8.3k+

Türkmen karateçileri Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Aziýa karate federasiýasy WKF-iň howandarlygynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy.
WKF (World Karate Federation) yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa Komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.
Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi wekilçilik etdi.
Toparymyzdan birinji bürünç medaly Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 57 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda kumitede eýeledi.

Bäsleşigiň ahyrky güni Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene iki bürünç medal gazandy. Baýraklary Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow eýelediler. Olaryň ikisi hem 21 ýaşa çenli ýaş toparynda kumitede üstünlik gazandylar. Magtymguly Annaýew 13 türgeniň medallar ugrunda bäsleşen 55 kilograma çenli agram derejesinde, Dawut Nazmyradow bolsa 16 karateçiniň bäsleşen 75 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandylar.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......