Arman Dýuplantis şestli bökmekde onunjy gezek dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.08.2024 13:27
  • 5.9k+

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Polşadaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda 6,26 metr beýiklikden geçip, täze dünýä rekordyny goýdy.

24 ýaşly türgeniň täze üstünligi Parižde geçirilen Olimpiadada goýan öňki rekordyndan 1 sm gowy boldy. Dýuplantis karýerasynda onunjy gezek we şu möwsümde üçünji gezek dünýä rekordyny täzeledi.
Arman Dýuplantis iki gezek Olimpiýa çempiony, iki gezek dünýä çempiony we üç gezek Ýewropa çempionydyr.
Ilkinji gezek Dýuplantis 2020-nji ýylda Sergeý Bubkanyň rekordyny täzeläp, dünýä rekordynyň eýesi boldy. 


düýn 13:21
4.3k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

07.12.2025 09:24
1.5k+

Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy

Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy...

30.11.2025 18:52
6.2k+

“Inter Maýami” Messi bilen MLS Kubogynyň finalyna çykdy we birnäçe rekord goýdy

30-njy noýabrda irden (Aşgabat wagty bilen) “Inter Maýami” MLS Kubogynyň pleý-offunyň ýarym finalynda “Nýu-Ýork Sitini” uly hasap bilen utdy. Fort-Loderdeýldäki oýun 5:1 hasabynda tamamlandy. Bu oýun şol bir wagtyň özünde MLS-iň Gündogar konferensiýasy 2025-iň finaly boldy...

20.11.2025 10:12
1.6k+

Lebron Jeýms möwsümleriň sany boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy

“Los-Anjeles Leýkersiň” oýunçysy Lebron Jeýms NBA-nyň (National Basketball Association) häzirki yzygiderli çempionatynda ilkinji oýnuny geçirdi. Ol “Ýuta Jaza” garşy öý oýnunda meýdança çykdy. Şeýlelik bilen, basketbolçy ligadaky möwsümleriň sany boýunça rekord goýdy – 23...