Global ýylama sebäpli ÝUNESKO-nyň 50 desgasyna ýitmek howpy abanýar

  • 26.08.2024 17:24
  • 8.5k+

Climate X seljeriş guramasynyň ylmy gözlegi 2050-nji ýyla çenli howanyň üýtgemeginiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň onlarça desgasynyň ýok bolmagyna getirip biljekdigini görkezdi. Daily Mail tarapyndan hödürlenen sanawa suw joşgunlary, eroziýa, süýşgün we global ýylama sebäpli ýüze çykýan beýleki tebigy hadysalar sebäpli ýitip biljek 50 desga girdi.

Howp astyndaky desgalary kesgitlemek üçin howa üýtgemeleriniň täsirini modelirlemäge mümkinçilik berýän Spectra platformasy ulanyldy. Alymlar çylşyrymly algoritmleriň kömegi bilen geljek ýüz ýylda tropiki siklonlar we tupanlar ýaly adatdan daşary howa şertleriniň döremek ähtimallygyna baha berdiler. Seljerme desgalaryň ýok bolmak howpuny kesgitlemek üçin sekiz dürli ýylama ssenariýasy boýunça geçirildi.
Howp astyndaky iň möhüm ýerleriň arasynda Awstraliýadaky Sidneý opera teatry, Şweýsariýa Alplaryndaky goralýan ýer Ýungfrau-Aleç, Hytaýyň Anhoý welaýatyndaky Sidi we Hunsun şäherçeleri bar. Şeýle-de, Indoneziýanyň Subak suwaryş ulgamyna, Awstraliýanyň Kakadu milli seýilgähine we Hytaýyň Sýuançžou port şäherine gurakçylyk, tokaý ýangynlary we suw joşgunlary sebäpli ýitmek howpy abanýar.  
Sanawa Fransiýadaky Şowe gowagy, Hindistandaky Gün ybadathanasy, Bolgariýadaky Srebarna tebigy goraghanasy, Rumyniýadaky Dunaý deltasy, Bergendäki (Norwegiýa) taryhy binalar we Şotlandiýadaky Fort-Brij köprüsi hem girizildi.
Climate X-iň baş müdiri Lukki Ahmed bu desgalaryň ýitmeginiň diňe bir medeni betbagtçylyk bolman, eýsem ep-esli sosial we ykdysady ýitgilere getirjekdigini aýdyp, olary goramak üçin gyssagly çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......