Google razylyk almazdan Chrome ulanyjylarynyň maglumatlaryny ýygnandygy üçin kazyýetde jogap berer

  • 24.08.2024 16:20
  • 6.6k+

ABŞ-nyň Federal şikaýat kazyýeti rugsat almazdan Chrome brauzerinde ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnamak bilen baglanyşykly Calhoun-yň Google LLC-e garşy işini ret eten aşaky instansiýanyň çözgüdini ýatyrdy. Bu barada IXBT portaly habar berýär.

Şikaýat kazyýetiniň kazysy ulanyjylaryň Google tarapyndan berlen gapma-garşylykly maglumatlar sebäpli Chrome-yň gizlinlik syýasatyna düşünmän bilendigini göz öňünde tutdy.
Şikaýat edijiler Chrome-yň razylyk almazdan, hatda Chrome Sync funksiýasyny işjeňleşdirmezden, tomaşa taryhy, IP-salgylary we cookie faýllary Google-a iberendigini nygtaýarlar. Google ulanyjy sinhronlaşdyrmany işjeňleşdirmese, Chrome-yň bellibir maglumatlary Google-a ibermejekdigini belläpdi, ýöne iş ýüzünde bu dogry däldi.
Google bu işe garşy göreşmek isleýär, ýöne şikaýat kazyýetiniň çözgüdi kompaniýa üçin çynlakaý netijelere getirip biler, sebäbi ol kazyýetde aýyplamalara jogap bermeli bolar.
Mundan başga-da, Chrome Sync bolmazdan Android gurluşlary bilen  PK üçin Chrome müşderileriniň arasynda parollary sinhronlamaga mümkinçilik berýän ýakyndaky üýtgeşme hem ulanyjylaryň aç-açan razylygy bolmazdan maglumatlary ýygnamak üçin ýene bir synanyşyk hökmünde hasaplanyp bilner.


24.02.2026 09:46
1.7k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

28.01.2026 09:57
1.6k+

Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär...