Zoom 1 million gatnaşyjy üçin webinarlary geçirmek mümkinçiligini döretdi

  • 23.08.2024 06:21
  • 5.8k+

Zoom bir wagtyň özünde bir milliona çenli adamyň gatnaşmagynda webinarlary geçirmek mümkinçiligini yglan etdi. Täze hyzmat, platforma syýasy toparlar tarapyndan Kamala Harrisiň saýlaw kampaniýasyna serişdeleri toplamak üçin işjeň ulanylandan soň ýüze çykdy diýip, Engadget çeşmesi habar berýär.

Zoom bu uly çäreler üçin 10 müňden million gatnaşyja çenli dürli bukja meýilnamalaryny hödürleýär.
Şeýle-de bolsa, täze hyzmatyň bahasy arzan däl. Bir million adam üçin bir gezeklik webinaryň bahasy 100 000 dollar, 10 000 gatnaşyjy üçin bolsa 9000 dollar.
Täze hyzmat, paýnamalary 560 dollardan 60 dollara düşen Zoom üçin ýakyn wagtda täze girdeji çeşmesine öwrülip biler. Paýnamalaryň pese gaçmagy pandemiýadan soň wirtual ýygnaklara bolan islegiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......