UEFA Çempionlar ligasynyň senasyny üýtgetdi

  • 22.08.2024 13:41
  • 15k+

UEFA-nyň wekilleri Çempionlar ligasynyň senasyny sähelçe üýtgetdiler.

Meşhur kompozisiýanyň täzelenen wersiýasynda wokal bölegine has üns berildi. Notalar öňküligine galdy, ýöne saz gurallarynyň ýaňlanyşy birneme üýtgedi.
Çempionlar ligasynyň senasynyň dünýä futbolynda iň meşhur kompozisiýalardan biridigini we ýaryşyň oýunlaryndan öň her gezek ýaňlanýandygyny bellemelidiris.
Internet sahypalarynda satyp ýa-da ondan kanuny göçürip alyp bolmaýan asyl nusgadaky saz 1992-nji ýylda iňlis kompozitory Toni Britten tarapyndan ýazgy edildi. Kompozisiýa nemes nusgawy kompozitory Georg Fridrih Gendeliň (1685-1759) “Sadok ruhany” (iňl. Zadok the Priest) täç geýdiriş senasynyň aranžirlenen görnüşidir.
Çempionlar ligasynyň senasy UEFA-nyň üç resmi dilinde - fransuz, nemes we iňlis dillerinde aýdylýar.
2024/2025 oýun möwsüminden başlap Çempionlar ligasynda öňki ýaly 32 däl-de, 36 topar oýnar. Ozal klublar hersi dört topardan ybarat gruppalara bölünýärdi, indi Çempionlar ligasynda Şweýsariýa ulgamy ulanylar, bu ýerde 36 toparyň hemmesi bir ýaryş jetwelinde bolar. 2024/2025 möwsümi üçin UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Mýunheniň “Alýans Arena”-synda geçiriler.


10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

03.06.2026 15:45
13k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

01.06.2026 19:46
10k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....