Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Er-Riýadda Luwra meňzeş muzeý gurar

  • 21.08.2024 14:20
  • 15k+

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman Al Saud Er-Riýadda Luwr bilen deňleşip biljek çeperçilik galereýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Prinston uniwersitetiniň Ýakyn Gündogary öwreniş professory Bernard Heýkel habar berdi diýip, The Times gazeti ýazýar.

Muzeýiň esasy eksponaty Leonardo Da Winçiniň 2017-nji ýylda 450 mln dollara satylan “Dünýäniň halasgäri” suraty bolar. Ýöne suratyň eýesiniň Saud Arabystanyň şazadasydygy baradaky maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady. Öň, The Daily Mail bu suratyň Saud Arabystanynyň medeniýet ministri Bader Bin Abdulla Bin Mohammed Bin Faran al Saudyň üsti bilen satyn alnandygyny habar berdi, onuň şertnama ynanylan wekil hökmünde gatnaşan bolmagy mümkin.
Häzirki wagtda surat Ženewada saklanýar. Heýkel şazadanyň suraty täze galereýada goýmak üçin muzeýiň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşýandygyny belledi.


şu gün 11:19
5.7k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...