HMD Nokia markasyndan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girýär

  • 21.08.2024 10:36
  • 5.4k+

HMD Nokia markasyny ulanmakdan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girendigini mälim etdi diýip, Gizchina ýazýar.

Nokia-nyň resmi Weibo sahypasyndaky beýanatyna görä, HMD öz markasy bilen Hytaýda diňe düwmeli telefonlary we beýleki enjamlary satar. Şeýle-de bolsa Hytaýda çykaryljak HMD telefonlarynyň global wersiýalaryndan tapawutly bolmagyna garaşylýar.
Ozal, HMD-niň Nokia markasy bilen smartfon öndürmegi bes edip, öz markasynyň modellerini öndürjekdigi belli boldy. Şu ýylyň başynda Mobile World Congress-de (MWC) kompaniýa täze HMD ykjam telefonlaryny hödürledi.
HMD Nokia markasy bilen telefon öndürmek hukugyny 2016-njy ýylyň maý aýynda aldy.


27.05.2026 15:34
2.5k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 16:35
4.9k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....