Aýyň daşlaşýandygy sebäpli Ýerde günüň dowamlylygy ýyldan 25 sagada çenli artar

  • 21.08.2024 01:08
  • 12k+

Barlaglar ýene 200 million ýyldan Ýer ýüzünde bir günüň 25 sagada çenli artyp biljekdigini görkezdi. Munuň sebäbi Aýyň planetamyzdan kem-kemden daşlaşýanlygydyr diýip, Daily Mail habar berýär.

Alymlar Aýyň Ýerden her ýylda 3,81 sm daşlaşýandygyny, netijede günüň uzaklygyny artdyrjakdygyny anykladylar.
Wiskonsin uniwersitetinden geofizik Stiwen Meýers bu prosesi ellerini uzadanda aýlanyşy haýallaýan figuralaýyn typyjy türgeniň hereketi bilen deňeşdirýär. Belli bir pursatda Aý durnukly aralyga ýeter we planetamyzyň diňe bir tarapyndan görner.
Häzirki wagtda Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklyk, takmynan, 383 023 km, hemra 27,3 günüň içinde planetamyzyň daşyndan bir öwrüm edýär. Şeýle-de bolsa, alymlar milliardlarça ýyl ozal Aýyň Ýere has ýakyn bolandygyny, munuň planetanyň has çalt aýlanmagyna sebäp bolandygyny bildiler. Mysal üçin, 1,4 milliard ýyl ozal bir gün 18 sagat töweregi dowam edipdir.
Ýeriň aýlanmagyny haýalladýan faktorlaryň biri Aýyň umman daşgynlaryna grawitasiýa täsiridir. Umman suwunyň hereketi Ýeriň aýlanyşyny haýalladýar, şol bir wagtda Aý energiýa toplaýar we has ýokary orbita geçýär.
Bu prosese howanyň üýtgemegi hem ýardam edýär. Ählumumy temperaturanyň ýokarlanmagy polýar buzlaryny eredýär we ummanlarda suw massasyny gaýtadan paýlaýar, bu bolsa haýallaşmany hasam güýçlendirýär.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......