Anri Fransiýanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 20.08.2024 14:08
  • 6k+

Týerri Anri şahsy sebäplere görä Fransiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Bu barada Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň (FFF) saýtynda habar berilýär.

Hünärmen milli topara 2023-nji ýylda ýolbaşçy boldy, onuň şertnamasy 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket etmelidi. Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda onuň ýolbaşçylygyndaky milli topar kümüş medala mynasyp boldy. Finalda fransiýalylar goşmaça wagtda Ispaniýadan utuldylar.

“Men FFF-e we prezident Filipp Diallo bu ajaýyp mümkinçiligi berendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Öz ýurdum üçin Olimpiýa oýunlarynda kümüş medalyň gazanylmagy durmuşymda iň beýik baýraklaryň biri bolup galar. Men uly tejribe almaga mümkinçilik beren federasiýa, oýunçylara, işgärlere we janköýerlere diýseň minnetdar” – diýip, Anri aýtdy.

 Bellenilişi ýaly, Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Filipp Diallo U-21 ýaşlar ýygyndysy üçin täze tälimçiniň gözlegine başlady.


düýn 23:46
2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.3k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......