Dünýäde emeli aňly ilkinji astrokamera satuwa çykaryldy

  • 19.08.2024 13:09
  • 5.4k+

Beaverlab kompaniýasy höwesjeň astronomlaryň ýyldyzlary synlamagyny has elýeterli etmek üçin dünýäde ilkinji astrokamera Finder TW2 teleskopyny hödürledi diýip, New Atlas habar berýär.

Teleskop fokus uzynlygy 500 mm bolan obýektiw we 29x optiki ulaltmany üpjün edýän F6.1 aperturasy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Finder TW2, 48MP surat ýa-da 4K wideo düşürip bilýär. Emeli aň reňkleri sazlamak we durulygy artdyrmak arkaly şekiliň hilini awtomatiki ýagdaýda ýokarlandyrýar.
Teleskop enjamy dolandyrmak we astronomiki maglumatlary almak üçin 5 dýuýmlyk duýgur ekran, Bluetooth-ly uzakdan dolandyryjy we Beaver Point ykjam programmasy bilen üpjün edilendir.
Finder TW2 Indiegogo-da 499 dollara elýeterlidir.


02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......