ABŞ-da maýonez ysly atyr çykaryldy

  • 17.08.2024 18:46
  • 7k+

Özüniň souslary bilen tanalýan Amerikanyň Hellmann’s kompaniýasy adaty bolmadyk maýonez ysly atyr çykardy. Will Lewis No. 8 atly atyrda limon, kofe, (müşk) muskus, wanil yslarynyň öwüşginleri we ýörite “maýonez notasy” bar diýip, Food & Wine habar berýär.

Täze atyryň ilçisi Amerikanyň Tennessee Titans futbol toparynyň kwoterbegi Uill Lewis boldy. Geçen ýyl sosial ulgamlarda futbolçynyň Hellman’s maýonezini kofesine goşýan wideosy ýaýrady. Munuň üçin kompaniýa Lewisi sous önümleri bilen ömürlik üpjün etjekdigini wada berip, ony atyr ýasamakda hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Oýunçynyň aýtmagyna görä, ol atyryň işlenip düzülmek prosesine işjeň gatnaşdy.
Atyr 13-nji awgustda bir flakona 8 dollar bahasy bilen çykaryldy, ýöne Hellman’s-yň resmi web sahypasynda olaryň ählisiniň eýýäm satylandygyny aýdylýar.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......