Döwletjan Ýagşymyradow Uilkinsony ýeňip, PFL-iň Gran-prisiniň finalyna çykdy

  • 17.08.2024 13:02
  • 35k+

Golliwudda (Florida ştaty, ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça PFL 8 ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň esasy tutluşygyndan soňky duşuşykda türkmen pälwany DÖwletjan Ýagşymyradow awstraliýaly Rob Uilkinson bilen duşuşdy. Tutluşyk ýarym agyr agram derejesinde PFL Gran-prisiniň ýarym finalynyň çäklerinde geçirildi we eminleriň biragyzdan karary bilen, Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Eminleriň ählisiniň karary bilen türkmen pälwany 30-27 netije bilen ýeňiş gazandy.
Bu ýeňiş Döwletjan üçin yzygidr altynjy we PFL-iň çäklerinde üçünji ýeňşi boldy. Gran-priniň final duşuşygynda türkmen pälwany amerikaly Impa Kasanganaý bilen duşuşar. Kasanganaý beýleki ýarym final duşuşygynda Joşua Silweýrodan üstün çykdy.


Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenabatda doglan. Alty ýaşynda karate bilen meşgullanyp başlaýar, soňra kikboksinge geçýär. Gullukdan soň, Ýagşymyradow 2012-nji ýylda Harkowda (Ukraina) MMA-da professional karýerasyna başlaýar. 2018-nji ýylda ýarym agyr agramda ACB-nyň çempiony boldy. Titulyny iki gezek üstünlikli goldap, Bellatora geçdi.
Bellatorda ilkinji iki duşuşygynda ýeňildi, emma soň ýeňişli ýoda düşdi. Mundan öň, ol iýun aýynda eminleriň biragyzdan karary bilen Simon Biýongy ýeňdi.


düýn 23:41
1.4k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

düýn 16:26
4.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

düýn 14:50
3.9k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

17.05.2026 23:54
10k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....