Sport žurnalisti Fabrisio Romano EA Sports FC 25 oýnunda peýda bolar

  • 16.08.2024 15:49
  • 8.8k+

Belli sport žurnalisti Fabrisio Romano täze EA Sports FC 25 oýnunyň bir bölegi bolar. Onuň akkaunty oýun içindäki sosial ulgamda peýda bolar, ol bu ýerde oýunçylaryň transferlerine, kärendesine berilmegine we şertnamalarynyň uzaldylmagyna teswir berer diýip, “Çempionat” habar berýär.

Mysal hökmünde futbol simulýatoryny işläp düzüjiler Romanonyň wirtual görnüşiniň zenan futbolçynyň transferine “Bu transfer klubuň maksatlarynyň ýokdugyny tassyklaýar” ýazgysy bilen garaýşyny görkezýän ekran suratyny hödürlediler.
EA Sports FC 25-de oýunçylar karýerasyna wunderkind, meşhur maşgaladan futbolçy ýa-da şikesden soň meýdança dolanyp gelen tejribeli oýunçy hökmünde başlap bilerler. Oýun 27-nji sentýabrda PK-da we konsollarda çykar, ýöne ýokary wersiýanyň eýeleri we EA Play-e ýazylanlar bu oýna 20-nji sentýabrdan elýeterli bolarlar. 


düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....