Toyota kuwwaty 600 at güýjüne deň bolan täze 2,0 litrlik hereketlendirijini hödürledi

  • 16.08.2024 12:45
  • 15k+

Toyota Motor gibrid ulgamyny ulanmazdan 600 at güýjüne çenli kuwwaty öndürýän turbinaly 2,0 litrlik hereketlendirijini işläp taýýarlady. Bu barada Best Car ýapon neşiri içerki çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Ýaryş üçin niýetlenen görnüş bilen bir hatarda Toyota hereketlendirijiniň 550 Nm güýç pursaty bilen kuwwaty 400 at güýjüne barabar bolan ýol görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, 300 at güýjüni we 400 Nm güýç pursatyny göz öňünde tutýan pes kuwwatly görnüş elýeterli bolar.
Öň, kompaniýa Subaru we Mazda bilen hyzmatdaşlykda täze hereketlendirijileri işläp taýýarlaýandygyny aýdyp, olaryň ýokary derejede netijeliligini, kuwwatyny we gibridler hem ýangyjyň alternatiw görnüşleri bilen sazlaşyklydygyny aýtdy.
Täze hereketlendiriji kuwwaty boýunça häzirki 2,4 litrlikden öňe geçer, şol bir wagtyň özünde göwrüm taýdan kiçi we tygşytly bolar.
Bu hereketlendirijiniň MR2 we Celica ýaly geljekki Toyota modellerine, şeýle-de GR-Four doly herekete getiriji ulgamly GRMN-iň ýokary öndürijilikli görnüşlerine oturdylmagyna garaşylýar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......