4 minut 30 sekunt: Realme resmi taýdan dünýäde iň çalt zarýad berijini hödürledi

  • 16.08.2024 12:17
  • 6.1k+

Realme kompaniýasy dünýäde iň çalt bolan 320 Wt kuwwatly täze SuperSonic Charge zarýad beriş tehnologiýasyny hödürledi. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen smartfona bary-ýogy 4 minut 30 sekuntda zarýad berip bolýar diýip, GSMArena portaly habar berýär.

Bir minutda batareýa 26%, iki minutda 50%-den gowrak zarýad alýar. Zarýad beriş tizligi boýunça öňki rekordy 300 Wt kuwwatly Redmi tehnologiýasy saklaýardy.
Realme-niň 320 Wt zarýad beriji gurluşy Pocket Cannon adyny aldy we 3,3 Wt/sm3 dykyzlyga eýe. Ol UFC, PD we SuperVOOC ýaly esasy zarýad beriş protokollaryny goldaýar. Gurluş smartfonlara we noutbuklara bir wagtda zarýad bermek üçin iki USB-C porty bilen üpjün edildi.
Häzirlikçe haçan we haýsy Realme smartfon modelinde täze ýokary tizlikli zarýad berijiniň peýda boljakdygy görkezilmeýär. Häzir brendiň smartfonlary üçin iň kuwwatly zarýad beriji GT seriýaly gajetlerde ulanylýar. Aýratynam, Realme GT3 dünýä bazary üçin 240 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen ilkinji gurluş boldy. Zarýad beriji 4600 mA/sag sygymly akkumulýatory, takmynan, 9,5 minutda doldurýar.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......