Toyota kompaniýasy Corolla, Hilux, Corolla Cross we Fortuner modelleriniň sowutlanan görnüşlerini çykardy

  • 16.08.2024 10:26
  • 10k+

Toyota Braziliýada meşhur modelleriniň – Corolla sedanynyň, Corolla Cross krossoweriniň, Hilux pikapynyň we ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Fortuner awtoulagynyň (SW4) sowutlanan görnüşlerini çykardy diýip, IXBT ýazýar.

Toyota-nyň ýerli bölümçesi öz awtomobilleriniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak isleýän müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin awtomobilleri sowutlamaga ýöriteleşen Avallon, Carbon, Evolution Blindagens we Parvi Blindados ýaly ýerli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. 
Toyota Brasil indi bu mümkinçiligi hem täze, hem 2020-nji ýyldan bäri çykarylan ulanylan modeller üçin hödürleýär. Munuň üçin awtoulaglar Toyota dilerinden deslapky bahalandyrmadan geçmeli. 
Kuzowyň berkidilmegi we has galyň aýnalaryň goýulmagy awtomobilleri ok geçirmeýän etmek we agyr predmetleriň urgusyndan goramak bilen, olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.
Hyzmatyň bahasy aýdylmaýar, ýöne kompaniýalar sowut gurnama hyzmaty üçin 5 ýyl kepillik we komponentlere baglylykda materiallar üçin 5 – 10 ýyl kepillik berýärler.


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....