Google has kämil aýratynlyklara eýe bolan täze Pixel 9 smartfonlaryny hödürledi

  • 15.08.2024 13:14
  • 4.3k+

13-nji awgustda Google kompaniýasy Made By Google tanyşdyrylyşyny geçirip, täze Pixel 9, Pixel 9 Pro we Pixel 9 Pro XL smartfon modellerini hödürledi.

Täze smartfonlar täzelenen dizaýna eýe boldular. Geçenki nesil bilen deňeşdirilende, kameralar blogy has ykjamlaşdy we indi yzky gapagyň tutuş inini eýelemeýär. Smartfon tekiz forma eýe boldy.
Tutuş seriýa öndüriji tarapyndan “iň çalt we energiýa taýdan netijeli” diýlip atlandyrylan Google Tensor G4 prosessory bilen üpjün edildi. Şeýle-de, ösen emeli aň funksiýalary, şol sanda şekilleri emele getirmek üçin Pixel Studio bar.
Awtonomlyk geçenki nesil bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandy. Pixel 9 Pro hatarynda bug kameraly täze sowadyş ulgamy ulanylýar, bu hem smartfona iň ýokary derejesinde işlemäge mümkinçilik berýär.
Yzky paneldäki kameralar indi metalsyz, aýratyn süýri blokda ýerleşdirildi. Gurluşlaryň korpusy has burçly, ýalpyldawuk we tekiz boldy.
Gurluşlar ýedi ýyl goldawa eýe bolarlar.
Aýratynlyklar:
Pixel 9:

  • Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, FHD+, 120 Gs, 1800 nit
  • Ýat: 12 GB operatiw, 128/256 GB saklaýjy
  • Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 10,3 Mp (frontal)
  • Batareýa: 4558 mA/sag
  • Reňk: gara, ak, ýaşyl we gülgüne
  • Baha: 799 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro:

  • Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, 1280×2856, 120 Gs, 3000 nit
  • Ýat: 16 GB operatiw, 128/256/512 GB saklaýjy
  • Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 48 Mp (telefoto), 42 Mp (frontal)
  • Batareýa: 4558 mA/sag
  • Reňk: çal, farfor, gara we açyk gülgüne
  • Baha: 999 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro XL:

  • Ekran: 6,8 dýuým OLED, 2992×1344, 120 Gs, 3000 nit
  • Ýat: 16 GB operatiw, 128/256/512 GB saklaýjy
  • Kameralar: hemme kamera 50 Mp
  • Batareýa: 4942 mA/sag
  • Reňk: gara, ak, gülgüne, hoz reňkli
  • Baha: 1099 dollardan başlaýar

Täze gurluşlar eýýäm deslapky sargyt üçin elýeterli. Satuw 22-nji awgustda başlar.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....