Ford Ranger awtoulaglary eýýäm zawodyň özünde güýçli tupana düşýär

  • 15.08.2024 12:17
  • 6.7k+

Silwertondaky (Günorta Afrika) zawodda öndürilýän Ford Ranger pikap awtoulaglary berk hil barlagyndan geçirilýär. Bu barlag 1000 sany barlag nokadyny we 300 sany elektron anyklaýyş synaglaryny öz içine alýar diýip, 32 Cars portaly habar berýär.

Şeýle barlaglaryň biri hem "Suw synagydyr". Bu synagda awtoulag güýçli tupany emele getirýän 20 minutlyk synaga sezewar edilýär.
Synagyň maksady - kuzowyň suw geçirmeýjililigini barlamak we salonda bar bolan syzyşlaryň öňüni almak bolup durýar. Synag wagtynda Ranger üçin adatdan daşary howa şertleri döredilýär.
Bu synagdan geçen awtoulaglar dolandyryş we sürüjilik häsiýetnamalaryny barlamak üçin final barlaga girýär. Diňe şondan soň awtoulaglar dilerlik merkezlerine ýetirilýär.


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....