Hünärmenler itleriň iň iri 10 tohumyny kesgitlediler: agramlary 55-den 160 kg aralygynda

  • 15.08.2024 11:51
  • 14k+

Science Focus-yň hünärmenleri iň iri it tohumlarynyň sanawyny hödürlediler. Ilkinji 10-luk her tohumyň itleriniň ortaça agramy esasynda düzüldi. Sanaw uly adamlaryň agramy bilen deň ýa-da ondanam agyr öý haýwanlaryny öz içine alýar diýip, RBC Life habar berýär.

Iň iri it tohumlarynyň 10 görnüşi:
1. Senbernar – sanawdaky iň iri tohumdyr. Bu tohum daglarda halas ediş amallaryny ýerine ýetirmek ukyby bilen tanalýar. Ortaça agramy 90 kg töweregi, iň uly agramly senbernar Benediktin (162 kg) ady bilen tanalýar.

2. Iňlis mastiffi – güýçlüligi we özüni gowy alyp barşy bilen tanalýar. Ortaça agramy 70-den 90 kg aralygynda, Zorba atly mastiff tohumyň iň agyr iti – 149,7 kg. 

3. Nýufaundlend – Kanadada balykçylara kömek etmek üçin döredilen tohumdyr. Ýüzüp bilýär – suwda halas ediş işleri üçin amatly it. Ortaça agramy 55-den 90 kg aralygynda.

4. Nemes dogy (it) – özüniň uzyn boýlulygy bilen tanalýan tohumdyr. Tohumyň Zews atly itiniň boýy gerşinden ölçelende 111,8 sm ýetdi.

5. Burbul – goramak üçin ösdürilip ýetişdirilýän Günorta Afrikanyň tohumy. Ortaça agramy – 69-dan 91 kg çenli.

 

6. Leonberger – gür tüýi we mähirliligi bilen tanalýan nemes tohumydyr. Ortaça agramy – 41-den 77 kg aralygynda.

 

7. Pireneý dag iti – Fransiýanyň mallary goramak üçin ösdürilip ýetişdirilýän tohumydyr. Ortaça agramy – 55-den 75 kg.

 

8. Irlandiýaly uly awçy iti (wolkodaw) – gadymy, gaty tüýli aw tohumydyr. Ortaça agramy – 72 kg çenli.

9. Kangal owçarkasy – Türkiýäniň mal sürülerini goraýjysy. Ortaça agramy – 40-60 kg.

10. Bern zennenhundy – Şweýsariýanyň sürüni goraýjy itidir. Ortaça agramy – 35-55 kg.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
828

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......