«Real» «Atalantany» ýeňip, UEFA Superkubogynda rekord goýdy

  • 15.08.2024 11:15
  • 11k+

UEFA Superkubogy ugrundaky ýaryşda Madridiň «Realy» «Atalantadan» üstün çykdy.  Warşawada Milli stadionda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.

Oýunda hasaby 59-njy minutda "Realyň" urugwaýly ýarymgoragçysy Federiko Walwerde açdy. On minut soňra fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe täze kluby üçin ilkinji goluny geçirdi.
«Real» bu duşuşyga Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, "Atalanta" bolsa Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşdy. "Real" taryhynda dokuzynjy gezek UEFA Superkubogynyň finalyna çykdy we rekord - altynjy gezek ýeňiş gazandy. Öň, ol 2002, 2014, 2016, 2017 we 2022-nji ýyllarda ýeňiş gazanypdy.
Bu görkeziji babatda ol "Barselona" bilen "Milandan" öňe geçdi (hersinde bäş kubok bar).
"Atalanta" üçin bu UEFA Superkubogynda ilkinji duşuşyk boldy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......