Telegram 11 ýaşady: dogany bilen ýazyşmakdan başlap, 950 mln ulanyja çenli

  • 14.08.2024 15:45
  • 8.1k+

Pawel Durow tarapyndan döredilen Telegram messenjeri şu gün - 14-nji awgustda 11 ýaşyny belledi diýip, IXBT habar berýär.

Aragatnaşyk etmegiň goragly ulgamyny döretmek pikiri Durowda baryp 2011-nji ýylda peýda bolupdyr. Şonda ol dogany bilen aragatnaşyk etmegiň howpsuz hem ygtybarly usulyny gözläpdir. Biraz soňra Paweliň dogany - Nikolaý Durow Telegramyň häzirki wagtda ulanýan MTProto şifrli ýazyşmak tehnologiýasyny işläp düzüpdir.
Telegram-yň iOS üçin ilkinji wersiýasy 2013-nji ýylyň 14-nji awgustynda hödürlenipdir. Şol ýyl hem Android, Windows we macOS üçin wersiýalar döredilipdir, şeýle hem web wersiýasy işlenip düzülipdir.
2013-nji ýylyň noýabr aýyna çenli eýýam 1 mln-a golaý ulanyjy ony ýükläp alypdyr.
Telegram messenjeri täze funksiýalary we mümkinçilikleri goşup, kämilleşmegini dowam edýär. 2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Pawel Durow Telegramyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 950 milliona ýetendigini habar berdi.


04.03.2026 12:15
1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
748

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...