Niderlandly adam aýakýalaňaç tas 3,5 km geçip, dünýä rekordyny täzeledi

  • düýn 23:59
  • 4.1k+
Niderlandly adam aýakýalaňaç tas 3,5 km geçip, dünýä rekordyny täzeledi

Niderlandly uruş weterany Anton Notenbom aýakýalaňaç 175 günde 3 450 km ýol geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NL Times habarlar portaly habar berýär.

Rekord amerikan Sent-Luis şäherinde (Missuri ştaty) 11-nji awgustda ýerli wagt bilen 15:00-da goýuldy. Mundan öň aýakýalaňaç iň uzak syýahat polşaly Pawel Durakewiçe degişlidi (Fransiýada we Ispaniýada 3 409,75 km).
Notenbomyň syýahaty 17-nji fewralda Kaliforniýadaky Santa-Moniki dynç alyş kenarynda başlady. Esasy maksat pyýada Los-Anjelesden Nýu-Ýorka ýetmekdi. Notenbomyň wekilleri onuň “doly tapdan düşendigini” we aýratynam “gyzgyn ýollardan” ejir çekýändigini belleýärler. Syýahatçynyň ugry boýunça häzir howanyň temperaturasy gündizine Selsiý boýunça 35 gradusa ýetýär.
Şeýle-de bolsa, 37 ýaşly Notenbom gazanylan üstünlik bilen saklanmak islemeýär we Nýu-Ýorka çenli ýene 1 700 km geçmegi meýilleşdirýär. Ol 2-nji noýabra çenli Taýms-skwere ýetmegi göz öňünde tutýar. Habarda niderlandlynyň haçan we näçe wagt dynç alýandygy görkezilmeýär.


05.08.2024 12:25
5.6k+

Uesli Snaýps Marvel gahrymanyny has uzak wagtlap janlandyrmak boýunça rekord goýdy

Ginnesiň rekordlar kitabynyň administrasiýasy kino dünýäsinde täze rekordlary hasaba aldy. Hususan-da, gurama amerikaly aktýor Uesli Snaýpsyň Marvel-iň iki rekordyny täzeländigini habar berdi. Snaýps “Dedpul we...

29.07.2024 14:43
2k+

“Dedpul we Rosomaha” prokata üstünlikli başlady: ilkinji günde $96 mln gazandy

Baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmanyň ýerine ýetirmeginde “Dedpul we Rosomaha” filmi prokata rekord girdeji bilen başlady. ABŞ-da prokatyň birinji güni film 96 mln dollar ýygnap, 2024-nji ýylda çykan “Tapmaça...

26.07.2024 07:55
7.9k+

“Dedpul 3” filmiň treýleriniň rekord tomaşasy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Dedpul 3” filmi heniz çykyp ýetişmänkä, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Film 24 sagadyň içinde iň köp tomaşa edilen treýler hökmünde şahadatnama aldy. Bir günde lentanyň ilkinji treýlerine 365 mln...

25.07.2024 12:51
23k+

Yzly-yzyna rekord: 22-nji iýulda Ýerde täze temperatura rekordy goýuldy

22-nji iýulda Ýerde gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýokary ortaça temperatura hasaba alyndy. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa gullugynyň maglumatlaryna görä, howa +17,15 gradusa çenli gyzdy. Öňki rekord bir gün...