Maýkl Çendler irlandiýaly Konor Makgregor bilen söweşiň gutarnykly ýatyrylandygyny habar berdi

  • 08.08.2024 12:33
  • 15k+

Bellator-yň öňki çempiony we ýeňil agramda UFC titulyna dalaşgär, amerikaly söweşiji Maýkl Çendler Konor Makgregor bilen söweş guramak synanyşygynyň bes edilendigini habar berdi.

“Bolýar, oglanlar... Meniň pikirimçe, söweşiň soňunyň gelendigini boýun almagyň wagty geldi” – diýip, Çendler X (öňki Twitter) sosial ulgamynda ýazdy.

Çendler bilen Makgregoryň söweşi 30-njy iýunda Las-Wegasdaky UFC 303 ýaryşynda geçirilmelidi. Ýöne söweş irlandiýaly söweşijiniň aýagynyň barmagynyň döwülmegi sebäpli näbelli möhlet bilen yza süýşürildi.
Konor Makgregor 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ringe çykanok, ol soňky gezek UFC 264-de amerikaly Dastin Porýe bilen üçünji söweşde tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar boldy.


düýn 22:41
2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
12k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......