Türkmen agyr atletikaçysy Parižde iň gowy netijesini gaýtalap bilmedi

  • 11.08.2024 08:10
  • 20k+

23 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Döwranbek Hasanbaýew dört aý mundan öň Phuketde (Tailandda) Dünýä kubogynda gazanan üstünligini Pariž Olimpiadasynda gaýtalap bilmedi. Aprel aýynda ol silterläp götermekde 187 kg agramy göterip, altyn medal aldy, itekläp götermekde bolsa 205 kg agramy göterip, ikisiniň jemi boýunça 392 kg agram bilen 5-nji orny eýeledi. Bu hem onuň Pariždäki Olimpiada gatnaşmagyny üpjün etdi. Emma onuň Parižde görkezen netijeleri o diýen üstünlikli bolmady.

10-njy awgustda Parižde Hasanbaýew birinji synanyşykda 180 kg agramy göterip, ýaryşa ynamly başlady. Emma ikinji synanyşykda ol iň gowy netijesi bolan - 187 kg-y göterip bilmedi. Üçünji synanyşykda ol Olimpiýa rekordyny goýmak üçin töwekgelçilik edip, 188 kg agramy götermäge synanyşdy. Türkmen türgeni muňa golaý gelse-de, ştangany kellesinden ýokarda saklap bilmedi. Itekläp götermekde onuň iň gowy netijesi 190 kg boldy. 200 kg agramy götermek synanyşygy şowsuz boldy. Netijede Hasanbaýew ýaryşy 13 türgeniň içinde 10-njy bolup tamamlady (iki agramyň jemi boýunça 379 kg).
Bu kategoriýada 23 ýaşly hytaýly türgen Lýu Huanhua ýeňiji boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 406 kg (silterläp 186 kg we itekläp 220 kg) göterdi. Kümüş medaly 404 kg görkeziji bilen (185+219) Özbegistandan Akbar Juraýew aldy. Bürünç medaly belarusly türgen Ýewgeniý Tihonsow aldy. Ol 402 kg göterdi (183+219).


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......