Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Malaýziýadaky ýaryşda kümüş medal aldy

  • 13.08.2024 16:14
  • 23k+

14 ýaşly Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýada geçirilen «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» halkara ýaryşlarynda jübüt bolup oýnamakda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütlikde gazandy.
Hormat münberine barýan ýolda ilkinji belgide çykyş eden I.Guseýnowa we H.Şabanpur Adani Ažaradan (Malaýziýa) we Naba Nişandan (Maldiwler) – 6:2, 6:3 hasabynda, 4/1 finalda Romin Rafiborujeni (Eýran) we Batrisiýa Elwin Saýful Amiri (Malaýziýa) – 6:0, 6:2 hasabynda, ýarym finalda bolsa Koreýa Respublikasyndan gelen tennisçiler Seohýon Kim bilen Ýorin Limi – 6:4, 1:6 (10:1) hasabynda üstün çykdylar. Finalda I.Guseýnowa we H.Şabanpur nepally Şiwali Guruň we indoneziýaly Saýa Maulanyň jübütinden iki setde – 3:6, 5:7 hasabynda asgyn geldi we netijede hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.


Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Ilima Guseýnowa Aziýanyň 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň iň gowy dört tennisçisiniň hataryna girýär. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Guseýnowanyň sanawynda halkara ýaryşlarda gazanylan sylaglar az däl. Ol diňe şu ýylda dürli derejeli üç medal gazandy. Haýdarabatda (Hindistan) geçen «Asian 14 & Under Grade A» halkara ýaryşlarda Ilima Guseýnowa ýekelikde oýnamakda bürünç medal we hindi türgeni Karthika Padmakumar bilen jübütlikde oýnanda bolsa altyn medal gazandy. Şymkentde (Gazagystan) geçen ýaryşlaryň finalynda bolsa eýranly H.Şabanpurdan 2:6, 2:6 hasabynda asgyn gelmek bilen, kümüş medala mynasyp boldy.
Aziýa Tenis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň Grade A derejesindäki ýaş tennisçileriň arasynda geçirilýän ýaryşlar rejeleme ulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, ýaş oýunçylara öz reýtingini ýokarlandyrmak üçin utuk toplamaga ýardam edýär. Olara Aziýanyň dürli ýurdundan türgenler gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaş zehinlere başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge, halkara ýaryşlarda oýnamak tejribesini gazanmaga we başga tennisçiler bilen gatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýaryşlarda gazanylan utuklar oýunçylaryň halkara reýtingine täsir edýär we derejesi boýunça has ýokary ýaryşlara gatnaşmaklary üçin gapylary açyp biler. Grade A ýaryşlaryň geljekki hünäri tennisçileri taýýarlamakda möhüm orny bardyr, olar sebitde tennisiň giňden ýaýramagyna ýardam edýär.
Şular ýaly ýaryşlarda gazanan ýeňişleri netijesinde I.Guseýnowa 14 ýaşdan ýokary bolmadyk iň gowy 24 tennisçiniň gatnaşmagynda 9–13-nji sentýabr aralygynda Kambojada geçiriljek «GSPDP Asian 14U Junior Championships 2024» ýaryşyna çakylyk almaga mynasyp boldy.


08.06.2026 12:41
1.8k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......