Alymlar Wawilonyň 4000 ýyllyk ýazgyly tagtajyklarynyň syryny açdylar

  • 13.08.2024 11:34
  • 5.6k+

Barlagçylar gadymy Wawilonyň ýaşy 4000 ýyl töweregi bolan ýazgyly tagtajyklarynyň manysyny kesgitlediler. Görlüp oturylsa, olarda uly hadysalary öňünden çaklamakda ulanylýan, Aý tutulmalarynyň esasynda pal atmak boýunça gözükdirmeler bar eken. Bu ýazgylar britan muzeýinde saklanýan dört sany tagtajykda tapyldy.

Tekstleriň täze terjimesi wawilonly jadygöýleriň, mysal üçin, epidemiýany ýa-da nesilşalygyň haçan ýykyljagyny öňünden çaklap bilmek üçin, wagta we Ýeriň kölegesiniň Aý boýunça hereketine gözegçilik edendigini ýüze çykardy. Tekstleriň birinde heläkçilikli netijelere getirjek "nädogry" Aý tutulmasy barada aýdylýar.
Tagtajyklar, megerem, Yragyň Sippar şäherinde döredilen bolsa gerek. Wawilonda tutulma boýunça atylýan pallar çynlakaý kabul edilip, hökümdarlara öňünden duýdurmakda ulanylypdyr. Çaklamalary tassyklamak üçin, haýwanlaryň iç-goşlaryny derňemek bilen birlikde, däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Gadymy ýazgylar b.e.öň II müňýyllygyň başynda günorta Mesopotamiýanyň halklarynyň medeni tejribeleri barada gymmatly düşünjäni berýär.
Alymlar barlagyň netijelerini Journal of Cuneiform Studies žurnalynda çap etdiler.
Owal alymlaryň Türkiýäniň günortasyndaky Göbekli-Tepäniň arheologiki toplumynda sütüniň ýüzünde gadymy syrly çyzgylary tapandyklaryny ýatladýarys - olaryň 12 000 ýyllyk ýaşynyň bardygy aýdylypdy. Şu baglanyşyk boýunça olaryň aňladýan manysyny bilip bilersiňiz.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....