adidas öňki futbol ýyldyzlary bilen bäş öňdebaryjy klubuň üçünji eşik toplumyny tanyşdyrdy

  • 12.08.2024 23:49
  • 9.8k+

Germaniýanyň adidas sport brendi 2024/2025 möwsümi üçin Madridiň “Realynyň”, Turiniň “Ýuwentusynyň”, Mýunheniň “Bawariýasynyň”, Londonyň “Arsenalynyň”, şeýle-de “Mançester Ýunaýtediň” üçünji eşik toplumy bilen tanyşdyrdy. 

Oýun eşiginiň tanyşdyrylyşyna bu klublaryň öňki meşhur oýunçylary gatnaşdy. “Realyň” eşigini klubuň öňki oýunçysy we tälimçisi Zinedin Zidan görkezdi. “Ýuwentusyň” köýnekçesini Turin klubunyň öňki hüjümçisi Alessandro Del Pýero geýdi. Mýunheniň “Bawariýasynyň” eşigini nemes toparynyň öňki ýarym goragçysy Bastian Şwaýnştaýger görkezdi. Londonyň “Arsenalynyň” we “Mançester Ýunaýtediň” eşiklerini bolsa, degişlilikde, Patrik Wieýra we Rio Ferdinand hödürlediler.
Kompaniýa täze eşik toplumlarynda üç ýapragyň formasynda köne logotipiň boljakdygyny aýtdy. Täze eşik toplumy şu gün, 12-nji awgustda satuwa çykýar.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....