Parižde Olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi: Tom Kruzyň, Billi Aýlişiň we beýlekileriň çykyşlary

  • 12.08.2024 12:33
  • 11k+

Pariždäki “Stad de Frans” stadionynda Olimpiýa oýunlarynyň dabaraly ýapylyşy geçirildi.

 

Dabara Olimpiada-2024-üň iň köp titula eýe bolan türgeni – suwda ýüzüji Leon Marşan bilen kiçiräk wideodan başlady. Ol simwoliki Olimpiýa alawyny Týuilri bagyndan alyp, ony “Stad de Fransa” eltdi.
Soňra baýdak göterijileriň däp bolan ýörişi boldy, oňa 205 ýurtdan 9 müň töweregi türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň baýdagyny Oýunlaryň açylyş dabarasynda baýdak göteriji bolan dzýudoçy Serdar Rahymow göterdi.

 

Şweýsariýaly pianinoçy Alan Roşeniň howada asylan roýaldaky çykyşy dabaranyň bezegi boldy. Dabaranyň aýdym-saz bölegi dijeý Kavinsky, aýdymçy Angele, Air dueti, şeýle-de Vampire Weekend toparyndan amerikaly Ezra Kýonig bilen bilelikde Phoenix fransuz rok-toparynyň çykyşyny öz içine aldy.

 

Çäräniň iň esasy wakasy Olimpiýa estafetasynyň Los-Anjelese geçirilmegi boldy. Amerikaly aktýor Tom Kruz “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl” franşizasynyň stilinde stadionyň üçeginden böküp, gimnastikaçy Simona Baýlzdan Olimpiýa baýdagyny alyp, motosikl bilen gitdi. Şondan soň tomaşaçylara wideo görkezildi: Tom Kruz motosiklde ýük uçaryna münýär, paraşýut bilen böküp, Los-Anjelese gonýar, bu ýerde belli Hollywood nyşanynda OO harplaryny Olimpiýa halkasyna laýyk stilde bezeýär.

 

Los-Anjelesde kenarýaka sahnasynda Red Hot Chili Peppers topary, aýdymçy Billi Aýliş, repçiler Snup Dogg we Doktor Dre çykyş etdi.
Ahyrynda hereket “Stad de Fransa” gaýdyp gelýär, bu ýerde dabara Olimpiýa alawynyň söndürilmegi we dabaraly feýerwerk bilen tamamlanýar.
Belläp geçsek, 28-nji awgustda Paralimpiýa oýunlary başlar. Olar Olimpiadanyň geçen desgalarynda geçiriler.


14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....