Angliýanyň milli futbol ýygyndysynyň wagtlaýyn baş tälimçisi belli boldy

  • 12.08.2024 00:42
  • 4.1k+

Angliýanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U21) häzirki baş tälimçisi Li Karsli 2024-2025 möwsüminiň UEFA-nyň Milletler ligasy başlamazdan öň milli toparyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada Angliýanyň Futbol federasiýasynyň (FA) metbugat gullugy resmi saýtynda habar berdi.

Şeýlelikde, 50 ýaşly hünärmen esasy toparyň taýýarlygyna ünsi jemlemek üçin ilki Irlandiýa we Finlýandiýa garşy sentýabr oýunlary wagtynda U21 ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýrylar. Soňra Karsliniň FA täze hemişelik tälimçini tapýança, tutuş güýz Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny dowam etdirmegine garaşylýar.
Karsli ýaşlar ýygyndysyna 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçygynda topar uly üstünlikleri gazandy, şol sanda 1984-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 2023-nji ýylda 21 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazandy. Mundan öň ol Angliýanyň dürli ýaşlar topary bilen işleşdi we 20 ýaşa çenli ýygynda wagtlaýyn ýolbaşçylyk etdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......