Pariž Olimpiadasy: 9-njy awgustyň netijesi

  • düýn 23:04
  • 1k+
Pariž Olimpiadasy: 9-njy awgustyň netijesi

9-njy awgustda sportuň 18 görnüşinde 56 medal toplumy ugrunda bäsleşildi. Medal sanawynda ABŞ-nyň milli ýygyndysy öňdeligi saklady. Toparyň hasabynda jemi 111 medal: 33 altyn, 39 kümüş we 39 bürünç medal bar. Ikinji orunda 33 altyn, 27 kümüş we 23 bürünç medal (jemi 83) bilen Hytaýyň topary ýerleşýär. Üçlügi awstraliýalylar jemleýär (18-16-14).

Esasy wakalar:

Ýeňil atletika:
Amerikaly Sidni Maklaflin-Lewron päsgelçilikli 400 metre ylgamakda dünýä rekordy bilen altyn medal aldy – 50,37 sekunt. Öňki rekord hem şoňa degişli bolup, bir ýarym aý mundan öň Ýujindäki milli birinjilikde goýuldy (50,65). Ol öz rekordyny eýýäm altynjy gezek täzeleýär.

Erkekleriň arasynda päsgelçilikli 400 metre ylgamakda altyn medaly amerikaly Raý Benjamin aldy (46,46 sekunt). Bu distansiýada dünýä rekordynyň eýesi norwegiýaly Karsten Warholm ikinji orny eýeledi (47,06).

400 metre ylgawda altyn medaly Olimpiýa rekordy bilen Dominikan Respublikasyndan Marileýdi Paulino aldy (48,17).

4x100 m estafetada Kanadanyň erkekler ýygyndysy 37,50 sekunt netije bilen altyn medal gazandy. ABŞ-nyň milli ýygyndysy taýagy geçirmekde goýberilen ýalňyşlyk sebäpli diskwalifikasiýa edildi. Ikinji orny GAR-yň milli ýygyndysy (37,57), üçünji orny Beýik Britaniýanyň topary (37,61) eýeledi.

4x100 m estafetada ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy kynçylyksyz ýeňiji boldy. Topar 41,78 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny britaniýalylar (41,85), üçünji orny germaniýalylar (41,97) eýeledi.

Agyr atletika: 89 kg çenli agram derejesinde altyn medaly itekläp götermekde (224 kg) we jemi boýunça (404 kg) dünýä rekordy bilen bolgariýaly Karlos Nasar aldy.

Boks:
Özbegistanly boksçylar iki agram derejesinde altyn medal gazandylar: 71 kg çenli derejede Asadhuja Muýdinhujaýew we 92 kg çenli derejede Lazizbek Mullažonow.

Olimpiadanyň iň belli we iň köp agzalýan türgenleriniň biri bolan Alžiriň wekili Iman Helif boks boýunça zenanlar ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýarym orta agram derejesinde (66 kg çenli) final tutluşygynda Helif hytaýly türgen Lui Ýany ýeňdi (5:0).

Breýking: Breýking boýunça ilkinji Olimpiýa çempiony ýaponiýaly tansçy Ami Ýuasa boldy. Breýking Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda sportuň täze görnüşi hökmünde ilkinji gezek görkezildi.

Futbol:
Ispaniýanyň erkekler ýygyndysy Fransiýanyň toparyny final oýnunda goşmaça wagtda 5:3 hasabynda utdy.
Germaniýanyň zenanlar ýygyndysy Olimpiadanyň bürünç medaly ugrundaky oýunda Ispaniýany 1:0 hasabynda utdy. Altyn medal ugrunda şu gün Braziliýa we ABŞ bäsleşer.


düýn 14:32
9.6k+

Amerikanyň neşirleri türkmen türgeniniň Pariž Olimpiadasyndaky ynsanperwer hereketi barada bellediler

Sports Illustrated we PIX11 ýaly amerikan neşirleri türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowanyň Parižde Olimpiýa oýunlaryna eden hereketine üns berdiler. 2-nji awgustda, 100 metr aralyga ylgamakda aýallaryň...

düýn 10:47
6k+

Ispaniýa futbol ýaryşynda Fransiýany utup, Olimpiadanyň altyn medalyny aldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Aýgytly oýunda ispaniýalylar Fransiýa toparyny 5:3 hasabynda utdular. 11-nji minutda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy...

09.08.2024 16:07
9.4k+

Jokowiçiň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda gazanan baýrak puluny nämä sarp etjekdigi belli boldy

Serbiýaly tennisçi, 24 gezek “Uly tuwulganyň” çempiony we dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanan baýrak puluny haýyr-sahawat işine sarp etmek kararyna geldi. Bu barada...

09.08.2024 14:49
10k+

Olimpiýa oýunlary-2024: futbolda soňky 96 ýylda iň uly ýeňliş we basketbolda ýarym finallaryň netijeleri

8-nji awgustda, Pariždäki Olimpiadanyň 13-nji gününde sportuň 14 görnüşinde 28 medal toplumy paýlandy. Ýaryşlaryň jemi boýunça ABŞ 103 medal bilen (30 altyn, 38 kümüş we 35 bürünç medal) öňde barýar. Hytaýyň hasabynda...