Sony 61,7 mln sany PlayStation 5 satdy, emma isleg peselýär

  • 09.08.2024 23:10
  • 4.9k+

Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň çykarylyp başlany bäri 61,7 million konsolynyň satylandygyny mälim etdi. Soňky çärýekde Ýapon kompaniýasy 2,4 million enjam satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende has azdyr (3,3 million konsol).

Satuwy 4,5 million konsola ýeten geçen çärýek bilen deňeşdirilende hem bu çärýekde pese gaçyşlyk görünýär.
Deňeşdirmek üçin, PlayStation 4-üň şol bir döwründe 63,5 million konsoly satylypdy. Satuwyň haýallamagyna garamazdan, Sony-niň oýun bölüminiň girdejisi 12% ýokarlandy. Bu ösüş PlayStation Network we PlayStation Plus ýaly sanly hyzmatlaryň üstünlikli satylmagy bilen gazanyldy.


düýn 14:35
1.4k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

16.02.2026 20:41
3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

01.02.2026 16:20
3.5k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...

02.06.2025 14:02
5.6k+

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz...