Ýewro-2024-üň çempiony Dani Olmo “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

  • 09.08.2024 21:50
  • 7.4k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2024-nji ýylyň Ýewropa çempiony, “RB Leýpsig” nemes klubunyň hüjümçi ýarym goragçysy Dani Olmo “Barselona” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Germaniýaly klub transfer üçin 55 mln ýewro, şeýle-de bonus hökmünde 7 mln ýewro alar. 26 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2030-njy ýyla çenli hereket edýär.
2023/24 möwsüminde Olmo “Leýpsigiň” düzüminde 25 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we üç netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Ol Ýewro-2024-de yzygider üç oýunda – Gruziýa, Germaniýa we Fransiýa garşy oýunlarda gol geçirdi.
2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýa Angliýadan üstün çykdy. Berlindäki “Olimpiaştadion” stadionynda geçen oýun ispaniýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......