Dolce & Gabbana itler üçin atyr çykardy: onuň bahasy €99

  • 07.08.2024 19:32
  • 5.8k+

Italiýanyň Dolce & Gabbana moda öýi täze önüm – itler üçin alkogolsyz atyr çykardy. Domeniko Dolçeniň söýgüli itiniň hormatyna atlandyrylan hoşboý ys – Fefe düzüminde ilang-ilangyň, muskusyň we sandal agajynyň notalaryny saklaýar diýip, The Guardian ýazýar.

Atyr çüýşesi 24 karat altyn bilen örtülen penje yzy bilen bezelen. Täze önümiň bahasy 99 ýewro barabar.
Dolce & Gabbana moda öýüniň wekilleriniň aýtmagyna görä, atyr “gürrüňsiz söýgini”, “wepalylygy” we “şadyýanlygy” alamatlandyrýar. Şeýle-de bolsa, bu önüm babatda hemmeleriň pikiri deň däl.
Haýwanlary zulumdan goramagyň patyşalyk jemgyýetiniň (RSPCA) uly ylmy işgäri Elizabet Potter ýiti yslaryň itler üçin ýaramsyz bolup biljekdigini aýdýar. Ol itleriň aragatnaşykda öz ysyrganmalaryna bil baglaýandyklaryny, şonuň üçin olara ýaramajak ysly önümleri ulanmagyň gerek däldigini belledi.
Dolce & Gabbana itler üçin atyr çykaran ilkinji brend däl, 2007-nji ýylda Londonyň Harrods dükany itler üçin atyr çykardy, Britaniýanyň Space NK riteýleri we L’Oreal-a degişli bolan Kiehl’s eýýäm birnäçe ýyl bäri haýwan tüýi üçin spreý çykarýar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....