NASA adaty bolmadyk synag üçin şaýy pullary we howa şarlaryny kosmosa iberdi

  • 07.08.2024 18:45
  • 4.4k+

4-nji awgustda Cygnus ýük gämisi bilen HKS-a adaty bolmadyk ýük getirildi: iki sany bir sentlik şaýy pul we howa şarlary. Bu zatlar "gygyrýan howa şary" bilen geçiriljek synag üçin niýetlenendir diýip, Space habar berýär.

Synagyň dowamynda şaýylar we nurbatlar entek ýel berilmedik şarlara ýerleşdirilýär, soňra olar çişirilýär we agzy towlanýar. Aýlananda şaýy pullar we nurbatlar käte gykylygy ýada salýan adaty bolmadyk ses çykarýarlar. Predmete baglylykda, onuň ýygylygy dürli bolýar.
Öý şertlerinde hem gaýtalap boljak bu synag NASA-nyň çagalary inženerçilik işine  we fizika çekmäge gönükdirilen STEM bilim maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Synaglaryň kosmosda ýazylan wideoýazgylary, şuňa meňzeş mekdep wideoýazgylaryna garanyňda, has köp adamy ylma çekmekde diýseň meşhurdyr.
Bu şaýylaryň kosmosa ilkinji gezek iberilişi däldir: olary Aýa “Apollon”-yň astronawtlary hem eltipdi. 1972-nji ýyldan bäri NASA missiýalarda şaýy pul almagy gadagan etdi, ýöne agzalan ýagdaýda bolşy ýaly, ylmy maksatlar üçin gerek bolanda kadadan çykmalar edilýär. Şaýy pullaryň eltilen iň uzak nokady Marsdyr. 2012-nji ýylda Curiosity roweri kamerany kalibrlemek üçin olary nyşana hökmünde ulanypdy. 


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....